ChatGPT we terjime funksiýasy bilen akylly ruçka hödürlendi

  • 10.03.2025 08:09
  • 2k+

Inžener Zakwan Ahmad Kickstarter-de The One Smart AI Pen akylly ruçkasyny hödürledi. Gurluş akkumulýator, mikrofon hem-de HearIt.AI we ChatGPT bilen birleşmek üçin Bluetooth 5.2 bilen enjamlaşdyryldy.

Gajet terjimäni, ses buýruklaryny we ýatlatmalary goldaýar, şeýle-de ol golýazma tekstini sanly görnüşe öwürmäge mümkinçilik berýär.
Ruçkanyň korpusy plastikden we polatdan ýasaldy. Gurluş goşmaça zarýad bermezden 30 sagada çenli işläp, 10 metre çenli aralykda smartfon bilen baglanyşyp bilýär. MicroSD üçin slot duşuşyklaryň we leksiýalaryň audio ýazgysyny saklamaga mümkinçilik berýär.

Ruçka birnäçe režimi goldaýar:

  • ·Hat – golýazma belliklerini sanly tekste öwürýär.
  • ·AI kömekçi – hat we jogap ýazmak üçin ChatGPT ulanýar.
  • ·Terjime – teksti we sözleýşi derrew terjime edýär.
  • ·Ses arkaly aýdyp ýazdyrma – ulanyjynyň sözlerini ýazýar.
  • ·Ýazga almak – audio duşuşyklary we leksiýalary ýazga alýar.
  • ·Ýatlatma – ses buýruklarynyň kömegi bilen ýatlatmalary gurnaýar.

Gajet bilim, saglygy goraýyş we işewürlik hünärmenlerine gönükdirilendir. The One Smart AI Pen-iň bahasy 50 dollardan başlaýar, teklip edilýän bölek söwda bahasy bolsa 65 dollar bolar.


düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......