ABŞ dünýäde ilkinji 240 tonnalyk ekipažsyz ylmy gämini suwa goýberdi

  • 09.03.2025 22:10
  • 5.2k+

ABŞ-da dünýäde ilkinji 240 tonnalyk ekipažsyz (adamsyz) USX-1 Defiant gämisini hödürlendi. NOMARS maksatnamasynyň çäklerinde döredilen bu gämi ummandaky ylmy barlaglara çemeleşmäni üýtgetmegi wada berýär.

Uzynlygy 55 metr bolan gämi çylşyrymly we howply deňiz şertlerinde ylmy barlaglary ekipažsyz ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Onuň gurluşygy 2025-nji ýylyň fewral aýynda tamamlandy, indi ol portda we açyk ummanda synagdan geçiriler.
NOMARS gämi gurluşygyny düýpgöter üýtgedýär. Adamlaryň bolmazlygy ony has ykjam, durnukly we hatda arzan hem edýär.
Defiant gämisi emeli aň esasynda kompýuter görşüni we hereketi dolandyryşy özüne birleşdirýän nagiwasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu gämä ugry dogry korrektirlemäge we awtomatik ýangyç guýmak ýaly çylşyrymly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

“Gäminiň nusgasy suwa üstünlikli goýberildi we tiz wagtdan deňiz synaglaryndan geçip, biziň gämileri awtonom dolandyryşa bolan çemeleşmämiziň netijeliligini tassyklar. Biziň maksadymyz – ekipažly gämiler bilen deňeşdirilende has az çykdajy bilen deňiz missiýalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän sürüjisiz gämileriň flotuny döretmek” – diýip, DARPA-nyň wekili aýtdy.

Deňiz robototehnika pudagynda şeýle öňegidişlik ABŞ üçin diňe bir ummany öwrenmekde däl, eýsem gorag strategiýasynda hem uly ähmiýete eýedir.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......