Neýroulgam howanyň seljermesini gowulandyrmak üçin bulutlary “çyzmagy” öwrendi

  • 08.03.2025 17:27
  • 3.1k+

Russiýaly barlagçylar neýroulgama emeli hemra suratlarynda bulutlary we gary “çekip görkezmäge” mümkinçilik berýän CSIA (Climate Structures Inpainting Augmentations) usulyny işläp düzdüler. Bu okuw maglumatlarynyň gerimini artdyrýar we çylşyrymly howa hadysalarynyň çaklanylyşyny gowulandyrýar diýip, Skolkowo Ylym we tehnologiýalar institutynyň (Skolteh) metbugat gullugynda  habar berdiler.

Ýok ýerlerinde bulutlar, kölegeler we garly ýerler ýaly, hakyky howa gurluşlaryny goşmak neýroulgamlara howanyň obýektleriniň geometriýasyna we optikasyna has takyk düşünmäge kömek edýär. Bu uly sebitler we seýrek howa hadysalary seljerilende aýratyn möhümdir.
Skolteh AI merkeziniň barlag toparynyň başlygy Swetlana Illarionowa şeýle düşündirýär: "Biz nusgany emeli usulda giňeldýäris we seýrek ýa-da çylşyrymly hadysalara duş gelende neýroulgama ýalňyşmazlygy öwredýäris.

Usulyň goşmaça maglumat düşündirişini talap etmeýändigi we howa gözegçiliginde, daşky gurşaw taslamalarynda we oba hojalygynda ulanylyp bilinjekdigi bellendi.
Geljekde barlagçylar ony uzak aralykdan zondirlemegiň beýleki görnüşlerine uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....