Amerikaly alymlar mamont sütükli syçanlary ösdürip ýetişdirdiler

  • 08.03.2025 06:24
  • 3.1k+

ABŞ-nyň Colossal Biosciences kompaniýasynyň alymlary müňlerçe ýyl ozal ýitip giden hakyky mamontlaryň sütükleri bilen genetiki taýdan üýtgedilen syçanlary döretdiler. Bu üýtgetme gemrijileri sowuga çydamly etdi diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Barlagçylar şuňa meňzeş sütükli 38 sany sagdyn syçany ýetişdirdiler. Munuň üçin hünärmenler tüýüň uzynlygy, galyňlygy we gurluşy üçin jogapkär genleri üýtgetdiler, şeýle hem has gowy termoreýulýasiýa üçin metabolizmi uýgunlaşdyrdylar. Munda mamontyň öz geni ulanylmady.
Kompaniýanyň ýerine ýetirji direktory we şärikdeş esaslandyryjysy Ben Lammyň sözlerine görä, synag "tebigatyň özüne döretmek üçin millionlarça ýyl gerek boljak çylşyrymly genetiki kombinasiýalary" döretmegiň mümkindigini subut etdi.
Geljekde hünärmenler şeýle syçanlaryň ýagyny noldan pes temperaturada saklap biljegini-bilmejegini öwrenmegi meýilleşdirýärler.

Şeýle hem, Colossal Biosciences Aziýa pillerini genetiki taýdan üýtgetmek arkaly mamontlary täzeden döretmek boýunça taslamanyň üstünde işleýär. Kompaniýa ilkinji mamont çagasynyň 2028-nji ýylda peýda boljagyna umyt baglaýar. Munuň üçin alymlar gadymy haýwanlaryň DNK molekulalaryny ulanmakçy bolýarlar.
Mart aýyna çenli başlangyja goýlan umumy pul serişdesi 435 million dollara ýetdi. Ony köp tanymal adamlar, şol sanda Peris Hilton, Piter Jekson, Kris Hemswort we beýlekiler ýaly, şou-biznesiň ýyldyzlary goldady.


düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......