19-njy martda Aşgabatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

  • 08.03.2025 00:31
  • 2.3k+

19-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 7-nji martda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.
Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalaryň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary» hem-de «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek bu halkara maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......