Türkmenistan we ÝUNISEF hyzmatdaşlyk etmek boýunça 11 sany resminama gol çekdi

  • 07.03.2025 10:42
  • 2.9k+

6-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça aşakdaky 11 sany resminama gol çekildi.


Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi
bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.



20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......