Türkmenistan we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky geljek döwür üçin täze strategiýany maslahatlaşdylar

  • 06.03.2025 15:43
  • 1.9k+

5-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wekiliýetiň saparynyň esasy maksady Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmekden we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde söwdany, önümçiligi ösdürmek hem-de ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda ileri tutýan ugurlary, hususan-da eksport ugurlulyk, ýurdumyzyň bank pudagy bilen hyzmatdaşlyk we häzirki zaman bank tejribesini ornaşdyrmaga ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň geljek döwür üçin täze strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......