BYD 5,6 milliard dollarlyk paýnamalaryny satdy. Bu dünýäniň awtoulag senagatynda rekord

  • 06.03.2025 14:48
  • 4.1k+

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi Gonkong biržasynda 123,5 million sany täze paýnama satdy we ondan 43,5 milliard gonkong dollaryny (5,6 milliard dollar) toplady. Resmi maglumatlara görä, gymmatly kagyzlar iri maýa goýujylaryň, şol sanda Al-Futtaim Group Arap gaznasynyň arasynda paýlandy.

Awtoulag ägirdi munuň Gonkongyň biržasyndaky senagata goýlan iň uly paýnamadygyny we dünýä awtoulag senagatynyň taryhynda bir wagtda goýlan rekord paýnama ýerleşdirmesidigini aýtdy.
Agzalan serişdeler barlaglar, täze tehnologiýalary we ulaglary işläp düzmek, şeýle hem Ýakyn Gündogary goşmak bilen, Hytaýyň daşyndaky orunlaryny berkitmek üçin ulanylar.
Ýanwar aýynda BYD-nyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 58 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, Hytaýyň bazarynda öňdebaryjy bolandygy habar berlipdi. Biraz soň konserniň başlygy hytaý elektrik ulaglarynyň we gibridleriniň daşary ýurtly bäsdeşlerinden azyndan üç ýyl öňde barýandygyny mälim etdi. 


24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....