Oppo Find N5 eplenýän smartfonlaryň arasynda zarýady iň uzaga gidýäni bolup çykdy

  • 06.03.2025 14:37
  • 2.4k+

PhoneBuff  YouTube kanalynyň awtorlary eplenýän smartfonlaryň awtonomlygyny (batareýalarynyň işläp biliş dowamlylygyny) barlap görmek üçin synag geçirdi. Oňa Oppo Find N5, Galaxy Z Fold 6 we Pixel 9 Pro Fold gatnaşdy.

Synag garaşylan netijeleri tassyklady: Find N5 bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçdi. Galaxy Z Fold 6 smartfony 9 sagat 2 minut, Pixel 9 Pro Fold bolsa 8 sagat 28 minut işledi.
Oppo Find N5 smartfony 12 sagat 20 minut netijäni görkezdi, bu bolsa adaty monobloklaryň awtonomlygy bilen deňdir. Bäsdeşleriň zarýady gutaran wagty onuň 20%-den köp zarýady galypdy.
Oppo Find N5 smartfonynyň galyňlygy 8,9 mm bolup, akkumulýator sygymy 5600 mA/sag barabar. Deňeşdirmek üçin, Galaxy Z Fold 6 – 12,1 mm we 4400 mA/sag, Pixel 9 Pro Fold – 10,5 mm we 4650 mA/sag. 


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

17.03.2026 10:29
885

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...