Hytaý bir ýylda 10 trillion kWt-sagatdan köp elektrik energiýasyny öndürýän ilkinji ýurt boldy

  • 05.03.2025 10:47
  • 4.2k+

Hytaý 2024-nji ýylda ilkinji gezek 10 trillion kilowat-sagatdan köp elektrik energiýasyny öndürip, bu görkeziji babatda dünýäde birinji orny eýeledi. Muňa Hytaýyň Milli statistika býurosy tarapyndan çäp edilen «HHR-iň 2024-nji ýyldaky milli ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň statistiki býulletenindäki» maglumatlar şaýatlyk edýär.

Býuronyň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Hytaýda öndürilen elektrik energiýasynyň 63,19%-i ýylylyk elektrik stansiýalaryna (ÝES) degişli. Ikinji orunda 32,34%-lik paý bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (Gün, ýel we gidroelektrik stansiýalary) durýar. Ýadro energiýasynyň paýy bolsa bary-ýogy 4,47% boldy.
Belläp geçsek, Hytaý her ýyl täze ýadro reaktorlaryny işe girizýän dünýädäki ýeke-täk ýurtdur.


şu gün 07:34
1.2k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.3k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....