Wezuwiý wulkanynyň atylmagyndan heläk bolan adamyň beýnisi aýna bölegine öwrülipdir

  • 04.03.2025 14:26
  • 11k+

Rimiň Üçünji uniwersitetiniň italiýaly alymlary b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde aradan çykan adamyň beýnisiniň ýokary temperaturadan ýaňa aýna öwrülendigini anyklady. Bu açyş gadymy Gerkulanum şäherindäki galyndylary öwrenmegiň netijesinde mümkin boldy diýlip, Scientific Reports žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, beýni örän gyzgyn kül buludynyň gysga wagtlyk täsiri sebäpli aýna öwrülipdir. Bu proses temperaturasy 510 gradusa ýeten piroklastiki akymyň, soňra bolsa çalt sowama prosesiniň bolmagy netijesinde bolup geçipdir. Beýni organiki aýna öwrülip, kelle süňküniň we oňurganyň içinde saklanyp galypdyr.
Galyndylaryň ýerleşişinden çen tutsaň, betbagtçylyk wagty adam düşekde ýatan eken.
Çaklamalary tassyklamak üçin alymlar rentgen suratlaryny we elektron mikroskopiýany ulandy, bu hem kelle süňküniň gutusynyň termo-gorag roluny oýnap, dokumalaryň doly ýok edilmeginiň öňüni alandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi.
Bu açyş özboluşly boldy, çünki öň ne adamlarda, ne-de haýwanlarda dokumanyň aýna öwrülmek ýagdaýy hasaba alnypdy.
Gerkulanum galyň kül gatlagynyň aşagynda galdy, bu hem galyndylara biziň günlerimize çenli saklanmaga mümkinçilik berdi. Wezuwiýniň atylmagy gadymy dünýäde 2 müň töweregi adamyň ýogalmagyna getiren iň weýrançylykly betbagtçylyklarynyň biri boldy.


düýn 16:13
3.1k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....