Blue Ghost täjirçilik enjamy Aýa üstünlikli gondy we ilkinji suratlary iberdi

  • 04.03.2025 08:09
  • 3.6k+

Amerikanyň Firefly Aerospace kompaniýasyna degişli bolan Blue Ghost täjirçilik enjamy ýumşak gonuş amala aşyryp, Aýa üstünlikli gonmagy başardy. Ol eýýäm birki sagat geçensoň, Aýdan Ýeriň ilkinji suratlaryny iberdi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Blue Ghost Aýa iki hepdelik ylmy-gözleg missiýasy üçin bardy. Ol Aýyň görünýän tarapynda, Çökgünlikler Deňziniň golaýyndaky Latreýl dagynyň etegine gondy. Enjam meýilleşdirilen nokatdan bary-ýogy 100 metrlik tapawut bilen, takyk gonuş amala aşyrdy.
Şeýlelikde, Ostin şäherinde (ABŞ) ýerleşýän Firefly Aerospace kompaniýasy Aýyň üstüne enjam gonduran dünýädäki ikinji hususy kompaniýa boldy. Emma kompaniýanyň bellemegine görä, bu enjam «doly üstünlikli» ýumşak gonuş amala aşyran ilkinji hususy enjamdyr. Sebäbi, 2024-nji ýylda ABŞ-nyň Intuitive Machines kompaniýasyna degişli Nova-C («Odisseý») moduly hem Aýa gonupdy, emma ol gapdala agdarylyp, özüne zeper ýetirip we Aýda bir gijäni başdan geçirip bilmän, işlemegini bes edipdi. Şeýle-de bolsa, ol «baky uka gitmezden ozal» birnäçe ylmy synaglary geçirip, Ýere surat ibermegi başarypdy.
Blue Ghost enjamynyň Aýa gonuşy göni ýaýlymda görkezilmedi, sebäbi kompaniýa maglumatlaryň (telemetriýanyň) iberilmegini ileri tutdy. Enjamyň päsgelçiliklerden gaça durmagyny üpjün edýän ulgamy, uly gaýalardan we beýleki howplardan gaça durmaga ýardam berdi.

«NASA bu sebitiň howpsuz bolmagyna garaşýardy, emma bu howp düýbünden ýokdur diýen manyny bermeýär. Biz olary üstünlikli ýeňip geçdik we asuda gonmagy başardyk» — diýip, Firefly programmasynyň ýolbaşçysy Reý Allenswort aýtdy.

Blue Ghost tarapyndan Ýere iberilen suratlaryň birinde, uzakdaky Ýer açyk gök reňkli nokat ýaly görünýär.

«Şu suratda biziň hemmämiz bar» — diýip, missiýanyň bir agzasy belläp geçdi.

Blue Ghost on sany ylmy enjam bilen üpjün edilen. Missiýanyň soňky tapgyry 14-nji martda bolar. Şol gün enjam Aýyň doly tutulmagyny bellige alar, şol pursatda bolsa Aý elhenç gyzyl reňkde bolar.
Mundan ozal, Aýyň üstüne üstünlikli ýumşak gonuş amala aşyrmagy diňe bäş ýurt – ABŞ, SSSR, Hytaý, Hindistan we Ýaponiýa başarypdy.

«Aýyň üstüne nämedir bir zady gondurmak örän çylşyrymly tehniki üstünlikdir» — diýip, NASA-nyň wekili Joel Kerns suratlaryň tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.


düýn 00:18
2.6k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

28.06.2026 20:31
4.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....