Hytaýda üstünden 125 million ýyl geçen gadymy içýanyň galyndylary tapyldy

  • 02.03.2025 11:55
  • 13k+

Hytaýly alymlar ýaşy 125 million ýyl geçen gadymy içýanyň galyndylaryny tapdylar. Bu ýurtda mezozoý döwrüniň ilkinji açyşy we paleontologiýa üçin möhüm ädimdir diýip, “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Galyndy Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin welaýatyndan tapyldy. Bu barlagy Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Nankin geologiýa we paleontologiýa institutynyň alymlary geçirdi. Täze görnüşe tapylan ýeri bolan Žehol biotasynyň hormatyna Jeholia longchengi  diýen at dakyldy.
Bu biota irki hek asyrynyň iň gowy öwrenilen yklym ulgamlaryndan biridir. Ol ýelekli dinozawrlaryň we ösümlikleriň gowy saklanyp galan galyndylary bilen meşhurdyr we XX asyryň iň möhüm paleontologiki açyşlaryndan biri hasaplanýar.
Jeholia longchengi takmynan 10 sm uzynlykdaky gaty uly içýan bolup, bedeninde uzyn aýaklary, inçe pedipalplary, bäşburç döş kapasasy we uzyn neşderi bolupdyr. Ol iýmit zynjyrynda orta orny eýeleýän, mör-möjekleri we möýleri awlaýan mezoýyrtyjydyr.
Barlagçy Huan Diin: "Eger ol häzirki zaman gurşawyna ýerleşdirilse, köp haýwanlar üçin ýyrtyja öwrülip, hatda ownuk oňurgaly haýwanlary hem awlap bilerdi" -diýip belleýär.
Bu açyşdan öň Hytaýda diňe üç sany içýanyň galyndylary tapylypdy, ýöne olar beýleki welaýatlardan, ýagny Şandundan, Hubeýden we Içki Mongoliýadan tapylypdy.


19.06.2026 19:49
4.6k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......