Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

  • 02.03.2025 08:00
  • 2.3k+

28-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, parlament meseleleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň işleri boýunça daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşyldy, şeýle hem halkara we sebit gün tertibine garaldy.
Taraplar söwda-ykdysady pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlemek bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem söhbetdeşler Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini bellediler.


şu gün 07:42
766

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......