«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletini uzaltdy

  • 01.03.2025 22:03
  • 21k+

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa ugry boýunça yzygiderli gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletiniň 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli uzaldylandygyny habar berdi. Bu barada Russiýadaky esasy agentiň metbugat gullugy maglumat berýär. Awiakompaniýanyň Russiýadaky Baş agentiniň metbugat gullugy habar berdi.

"Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlar 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ýatyryldy. Satyn alnan awiabiletleri yzyna gaýtarmak üçin onuň satyn alan ýeriňize ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şol bir wagtda, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky göni gatnawy Russiýanyň S7 awiakompaniýasy dowam etdirýär.


şu gün 09:50
1.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.8k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......