Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

  • 01.03.2025 10:44
  • 3.6k+

28-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda ykdysady ösüşi goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary bolup durýar.
Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu taslamalaryň esasy maksadydyr.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Ýurdumyzda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.
Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

"Mundan başga-da, Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň bähbidine milli banklarymyz we hususy pudak bilen gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýarys. Ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......