Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşdy

  • 28.02.2025 12:23
  • 2.7k+

27-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzi Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşdy.

Milli Parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, D.Gulmanowa myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen we geçirilýän çäreleri nazara almak bilen, Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran häzirki saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2.2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......