Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews-yň» direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 28.02.2025 01:36
  • 8.7k+

27-nji few­ralda Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ped­ro War­gas Da­wid bi­len du­şuş­dy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hä­zir­ki wagt­da mil­lion­lar­ça to­ma­şa­çy­sy bo­lan «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi, dost­lu­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy ün­de­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da iş­le­ri mun­dan beý­läk-de iler­let­mä­ge ýur­du­my­zyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.
Ped­ro War­gas Da­wid ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni, bi­le­lik­de köp iş­le­ri ama­la aşy­ryp bol­jak­dy­gy­ny we hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da şu ýy­lyň şy­ga­ry­na la­ýyk­lyk­da, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de dür­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. 12-nji dekabrda Aş­ga­bat­da 
dün­ýä Li­der­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra fo­rum guralar. Türkmen halkynyň Mil­li Li­de­ri­miz mag­lu­mat we ha­bar be­riş işi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­ýän­di­gi­ni bel­le­di we Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­gyş­la­nan dür­li çä­re­le­ri, dia­log meý­dan­ça­la­ry­ny «Eu­ro­news» bi­len hem gu­ra­ma­gy tek­lip et­di.
«Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dür­li tor­la­ryn­da köp san­ly ula­ny­jy­la­ry bo­lan sa­hy­pa­la­ry bar. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň yn­san­per­wer däp­le­ri­ni wa­gyz et­mek işi­ne ýaş­la­ryň äh­lu­mu­my çe­kil­me­gi­ni ga­zan­mak­da jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan­dyr di­ýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýur­du­myz­da ýaş žur­na­list­le­riň, bu ugur­da oka­ýan ta­lyp­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şo­ňa gö­rä, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da «Eu­ro­news» bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
«Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ped­ro War­gas Da­wid «Eu­ro­news»-iň ýö­ri­te aka­de­mi­ýa­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da türk­men žur­na­list­le­ri bi­len öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga, teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň baý me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy, sy­ýa­hat­çy­lyk üçin dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry giň köp­çü­li­ge has tä­sir­li ýe­tir­mek ug­run­da tä­ze tas­la­ma­la­ra we müm­kin­çi­lik­le­re se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
«Eu­ro­news»-iň ha­bar­çy­la­ry­ 2016-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty­ny, 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny, şol ýyl ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň 28-nji mej­li­si­ni, 2018-nji ýyl­da «Amul — Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni, 2019-njy ýyl­da «Аwa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny be­ýan et­mä­ge gat­naş­ma­gy mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr.


düýn 13:14
2.5k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

düýn 12:09
6.5k+

Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

düýn 12:05
5.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bitirilen işleriň netijeleri jemlendi......

18.04.2026 00:06
13k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......