Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky foruma gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidentine çakylyk ýollady

  • 27.02.2025 19:46
  • 7.5k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerdäki çäreleriň rejesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
M.Nurtleu Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga Gazagystanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Şeýle hem Murat Nurtleu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe ýollanan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma resmi çakylygy gowşurdy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......