Türkmen mekdep okuwçylary Almatyda halkara robototehnika çempionatyna gatnaşdylar

  • 26.02.2025 13:48
  • 6k+

Almaty şäherinde «Almaty Tech Cup – 2025» inženerçilik we robototehnika boýunça halkara çempionaty geçirildi. Çärä dünýäniň dürli döwletlerinden, şol sanda, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan jemi 3000-den gowrak ýaş inženerler, programmistler we oýlap tapyjylar gatnaşdy.

Bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylaryndan düzülen iki sany türkmen topary hem gatnaşdy.
Çäräniň çäginde guramaçylara ýaş inženerleriň işleri görkezildi.
Bäsleşik oňa gatnaşyjylara robototehnika, programmirleme we tehniki taslamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döretdi.
Çäre diňe tehnologiýalaryň ösmegine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary STEM derslerini (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) öwrenmäge ruhlandyrýar.


düýn 20:41
1.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.5k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......