Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň Gansu welaýatynyň hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 26.02.2025 11:53
  • 1.7k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda folklor we aýdym-saz toparlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň wekiliýetleriniň alyşmalarynyň sany artdy. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleri ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga aýratyn itergi berýär.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....