Ýewropada smartfon satuwy dört ýyl pese gaçyşdan soň ýokarlandy: Samsung – lider

  • 26.02.2025 00:04
  • 2.9k+

2024-nji ýylda Ýewropada 136 mln smartfon satyldy – bu geçen ýyldakydan 5% köpdür. Şeýlelik bilen, dört ýyllyk pese gaçyş döwri tamamlandy diýip, Canalys analitiki kompaniýasy habar berdi.

Samsung 46,4 mln gurluş satyp, satuwy 6% ýokarlandyrdy. Onuň Galaxy S24 smartfony Parižde geçirilen Olimpiadadaky mahabatyň netijesinde gowy satyldy.
Apple kompaniýasy 34,9 mln iPhone satdy, onuň ösüşi 1% boldy. Aýratynam, iPhone 16-a bolan isleg sebäpli ýylyň ahyry aýratyn şowly boldy.
Xiaomi öňki satuw derejesini saklap, üçünji orunda galdy. Motorola dükanlar we açyk kanallar arkaly 8 mln smartfon satyp, 26% ösüş gazandy. Oppo bolsa OnePlus bilen 4,1 mln gurluş satdy, ösüş – 13%. Honor we Realme hem satuwy ýokarlandyryp, bäsdeşligi güýçlendirdi.


Şeýle-de, Canalys analitikleri geçen ýyl bahasy 800 dollardan gowrak bolan premium-gurluşlaryň has köp satylandygyny belledi – şeýle gurluşlar 41 mln gezek satyn alyndy, bu umumy mukdaryň 30%-ine deňdir.
Beýik Britaniýada Apple üpjünçilik boýunça Samsung-dan öňe geçdi, Ispaniýada Xiaomi öňdebaryjy boldy.
2025-nji ýylda bazara ÝB-niň täze düzgünleri sebäpli kynçylyklar garaşýar. 20-nji iýunda ÝB-niň ekodizaýn boýunça direktiwasy güýje girýär. Ol smartfonlaryň çydamlylygyna, bejermegiň ýönekeýligine we çeşmeleri jogapkärçilikli peýdalanmaga ünsi çekmegi talap edýär.


düýn 20:25
2.4k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....