Dünýäde iň uly raketanyň sekizinji synag uçuşynyň senesi belli boldy

  • 24.02.2025 17:20
  • 4.7k+

Ilon Mask Starship raketasynyň synag uçuşynyň senesini mälim etdi. Synag 28-nji fewralda ABŞ-da ýerli wagt bilen 17:30-da bolar, bu Aşgabat wagty bilen 1-nji martda sagat 4:30-a gabat gelýär.

SpaceX taýýarlyk işlerini eýýäm tamamlady: gonuş zolagynda howa we deňiz çäklendirmelerini aldy hem-de Ship 34 raketasynyň otlaýyş synagyny geçirdi. Ýöne heniz ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasyndan ygtyýarnama almaly we uçuş zolagynda howa çäklendirmelerini yglan etmeli. Mundan başga-da, Ship 34 raketasy Booster 15 tizleşdirijisi bilen birleşip görmeli.
Ýatlap geçsek, Starship-iň öňki uçuşy şowsuz tamamlanypdy: tizleşdirijiniň Mechazilla diňi tarapyndan üstünlikli tutulandygyna garamazdan, raketanyň özi atmosferada ýandy.


01.04.2026 15:29
790

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...