Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde Gün panelleri oturdylar

  • 23.02.2025 17:39
  • 6.8k+

22-nji fewralda Arkadag şäherine iş saparyny barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň Aragatnaşyk müdirliginde demir ýol we awtomobil menzilleriniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder. Gün panelleri Aziýa ösüş bankynyň grant serişdeleriniň hasabyna gurlar. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barlar.
Arkadag şäheriniň demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine esaslanyp, bina ediler. Şunda toplumyň ähli ulgamyny dolandyrmak, onuň işine gözegçilik etmek häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary esasynda amala aşyrylar.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň täze awtomobil menziliniň binalarynyň gurluşygy, onuň daşky we içki bezeg işleri häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyklykda ýerine ýetiriler. Şol bir wagtyň özünde,  toplumyň merkezi binasynyň özboluşly görnüşe eýe bolmagyna, onuň bezeg aýratynlyklaryna we ýolagçylar üçin amatly  şertleriň döredilmegine zerur üns berler.
Gurbanguly Berdimuhamedow binalarda oturdyljak Gün panelleriniň derejesine, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine we ýokary kuwwatlyga eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda ylmyň gazananlaryny, dünýäniň ösen tejribesiniň esasy ugur edinilmelidigine ünsi çekdi.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....