Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

  • 23.02.2025 16:12
  • 8.4k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, seýilgäh zolaklarynda oturdyljak oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.   
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde “Ak han” şaýolundan “Taýçanak” aýlawly çatryga çenli aralykda ýol ýakalaryna ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu künjekde ekiljek baglaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň, ýol ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.
Şeýle hem täze şäheriň çäginde dörediljek Medeni-dynç alyş merkeziniň ähli çäklerinde desgalaryň bina edilmegine milli ýörelgelere laýyklykda çemeleşilmelidir.
Şol bir wagtyň özünde, merkeziň çäginde türkmen milli oýunlaryny guramak üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmeginiň zerurdygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ol ýerlerde aşyk, çilik, düzzüm, aýterek-günterek  ýaly milli oýunlary guramak üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......