Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidentine Aşgabatdaky foruma çakylyk hatyny gowşurdy

  • 22.02.2025 08:07
  • 11k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk hatyny 21-nji fewralda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyza sapar bilen gelen BAE-niň wise-prezidenti bilen geçiren duşuşygynda gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ony dürli ugurlar boýunça has-da ilerletmek üçin berk binýat bolup durýar. Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....