Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

  • 22.02.2025 07:56
  • 7.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu institutyň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......