Fransiýanyň «emeli Güni» rekord derejede 22 minutlap ýandy – Hytaýyňkydan 25% uzak

  • 21.02.2025 23:41
  • 4.9k+

Fransiýaly alymlar synag termoýadro reaktorynda plazmany saklamak boýunça täze rekord goýdular. Fransiýanyň Atom we alternatiw energiýa görnüşleri boýunça iş toparyna (CEA) degişli WEST tokamagy (eksperimental termoýadro reaktory) 22 minutlap üznüksiz ýandy. Bu olaryň hytaýly kärdeşleriniň iň soňky netijesinden 25% ýokary boldy diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.

Ýatlatsak, Hytaýyň EAST tokamagy ozal 17 minut 46 sekuntlap ýanypdy.
WEST tokamagy ilkinji gezek 1988-nji ýylda Tore Supra reaktory hökmünde işe girizildi. 2010-2013-nji ýyllar aralygynda ol düýpli döwrebaplaşdyryldy. Şondan soň enjamyň ady üýtgedilip, WEST diýlip atlandyryldy. Onuň adyndaky «W» harpy, reaktoryň iş kamerasynyň içki örtüginde ulanylan wolframy aňladýar.
Reaktor ýakyn wagtda döwrebaplaşdyryldy, şol sebäpden ol entek öz mümkinçiliginiň iň ýokary derejesine ýetip bilmedi. Şeýle-de bolsa, häzirki tapgyrda geçirilen synaglar hem diýseň täsirli boldy. CEA-nyň berýän maglumatlaryna görä, soňky synagda WEST plazmany 22 minutlap saklamagy başardy. Bu bolsa ozal hytaýly alymlara degişli bolan dünýä rekordyny täzeledi.


Ýerdäki şertlerde termoýadro reaksiýasynyň dowamlylygy üçin reaktoryň iş kamerasyndaky ion plazmasynyň temperaturasy azyndan 100 million °C bolmaly. Fransuz alymlary reaktoryň içindäki temperaturanyň anyk görkezijileri barada entek maglumat bermediler. Şol sebäpden synag baradaky jikme-jik maglumatlaryň ylmy žurnallarda çap edilmegine garaşmaly bolar.
Käbir maglumatlaryň entek doly aýan edilmändigine garamazdan, bu synagyň ähmiýeti aýdyňdyr. Onuň esasy maksady dürli iş tertiplerini we materiallary synagdan geçirmek. Bu synaglaryň netijeleri geljekde halkara termoýadro taslamasy bolan ITER-de ulanyljak tehnologiýalary kämilleşdirmäge ýardam berer.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....