Hytaýyň “emeli Güni” 17 minut 46 sekuntlap ýandy – ol hakyky Günden 6,6 esse gyzgyn boldy

  • 24.01.2025 10:52
  • 7.5k+

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST (Experimental Advanced Superconducting Tokamak) eksperimental termoýadro reaktory elektron plazmany saklamak boýunça täze rekord goýdy. Reaksiýa 1066 sekunt dowam etdi, bu bolsa öňki rekorddan üç esse diýen ýaly uzak boldy. Şol wagtyň dowamynda plazmanyň temperaturasy takmynan 100 million °C töwereginde bolup, bu Günüň ýadrosyndan alty esse ýokarydyr diýip, Global Times neşiri habar berýär.

EAST reaktory ozalky rekordyny 2023-nji ýylyň aprel aýynda goýupdy. Şol synanyşykda termoýadro reaksiýasy 403 sekunt dowam edipdi.
Gün ýaly ýyldyzlarda termoýadro reaksiýasyny başlatmak üçin aşa ýokary temperatura zerur däl. Günüň ýadrosynyň temperaturasy “bary-ýogy” 15 million °C. Wodorod ionlarynyň birleşip, geliý sintezine başlamagy üçin, atomlaryň ýadrolary ýakynlaşyp, güýçli ýadro täsiriniň kömegi bilen elektrik itergisini ýeňip geçmeli. Temperatura bilen bir hatarda, Günüň dartyş güýji we onuň köp mukdardaky massasy bu prosese kömek edýär.
Ýerde bolsa reaktoryň kamerasynda beýle basyşy döredip bolmaýandygy üçin, temperaturany aşa ýokarlandyryp ýadrolara “basgy edilýär”. Hytaý alymlarynyň aýtmagyna görä, reaksiýany Ýerde başlatmak üçin 100 million °C hem ýeterlik däl.
EAST reaktory kamerada 18 minuda barabar 100 million °C temperaturany saklady. Bu rekord reaktoryň (plazmanyň) durnuklylygyny saklamak nukdaýnazaryndan we reaktor bilen işleşmegiň hem-de materiallaryň ulanylyşynyň tehnologiýalaryny işläp düzmekde möhüm ädim bolup durýar.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....