Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş saparynda boldular

  • 21.02.2025 18:41
  • 5.6k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, saparyň maksady – merkezde seljeriş-intellektual bölüminiň işini ýola goýmak babatda zerur bolan internet, sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy, emeli aň we kompýuter programmalarynyň üpjünçiligini ýerinde öwrenmek.
Iş saparynyň dowamynda wekiller Fraýbrug uniwersitet hassahanasyna, RWTH Ahen uniwersitet klinikasyna, Heidelberg uniwersitet hassahanasyna, Göttingen hassahanasyna, Lýudwig Maksimillian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasyna, Augsburg uniwersitet hassahanasyna we Fürstenfeldbruk hassahanalaryna bardylar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary hassahanalaryň lukmançylyk işgärleri, IT we intellektual-seljeriş bölümleriniň hünärmenleri bilen duşuşyp, sanly lukmançylyk boýunça soraglary ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olaryň hassahana işini sanlylaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, IT bölümleriň işini guramak babatynda tejribelerini öwrendiler.

Bellenilişi ýaly, bu iş sapary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alnyp guraldy.

 


09.06.2026 23:14
6.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....