Hytaýly alymlar tebigy almazdan 40% has berk «superalmazy» döretdiler

  • 20.02.2025 23:13
  • 4.3k+

Iň berk almazlar – ýagny «lonsdeýlitler» tebigatda örän seýrekdir. Olara esasan meteoritleriň ýere gaçan sebitlerinde duş gelmek bolýar. Bu almazlaryň adaty almazlardan tapawudy – olaryň kristal gurluşynyň kub görnüşinde däl-de, geksagonal (altyburç) bolmagydyr. Hut şu aýratynlygyň özi olary has berk we çydamly edýär.

Örän berk bolan lonsdeýlitler ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda tapyldy. Olar ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky Dýablo jülgesinde meteoridiň täsirinde emele gelen kraterde ýüze çykarylypdy. Şol döwürlerden bäri alymlar, bu almazlary sintetiki usul arkaly öndürmäge synanyşyp gelýärler. Lonsdeýlitler geksagonal gurluşy sebäpli adaty almazlardan has berkdi, emma olary öndürmek örän çylşyrymlydy. Şol sebäpden olaryň senagatda giňden ulanylmagy mümkin däl diýlip hasaplanylýardy.
Emma ýakyn wagtda Hytaýyň Szilin uniwersitetiniň (JLU) we Sun Ýatsen adyndaky uniwersitetiniň (SYSU) alymlarynyň eden açyşlary lonsdeýliti öndürmekde täze mümkinçilikleriň öňüni açdy. Olar grafiti ýokary basyşda we ýokary temperaturada saklanyňda, onuň başa görnüşe – «post-grafit faza» geçýändigini anykladylar. Bu proses grafiti lonsdeýlite meňzeş geksagonal almaza öwürýär.
«South China Morning Post» neşiriniň habaryna görä, hytaýly alymlar tarapyndan döredilen sintetiki lonsdeýlit almazlar örän ýokary hilli. Olaryň fiziki häsiýetleri hem adaty almazlardan has gowy. Bu almazlar tebigy almazlara garanyňda 40% has berk. Üstesine-de olar 100 nm-den uly bolmadyk nanoalmazlardan has ýokary termiki durnuklyga eýe.
Alymlar bu sintetiki almazlaryň ýokary temperaturalarda we basyşlarda hem durnukly saklanýandygyny belleýärler. Şol sebäpli olar senagat önümçiliginde giňden ulanylyp bilner. Täze usul grafiti lonsdeýlite öwürmek prosesini has aňsatlaşdyrýar. Bu bolsa öz gezeginde berk we çydamly almazlaryň köpçülikleýin öndürilmeginiň öňüni açýar.
Tebigy almazlaryň emele gelmegi üçin «milliardlarça» ýyl gerek bolýar. Olar ýeriň aşaky gatlaklarynda, örän ýokary basyşyň we temperaturanyň astynda döreýärler. Sintetiki almazlary öndürmek tebigy almazlara garanyňda has çalt bolsa-da, olary öndürmek üçin hem birnäçe hepde gerek bolýar. Günorta Koreýanyň Esasy ylymlar institutynyň (IBS) alymlary muňa-da çözgüt tapdylar. Olaryň usuly arkaly sintetiki almazlary bary-ýogy 150 minutda, diňe 1 atmosfera basyşda öndürip bolýar. Alymlar bu tehnologiýanyň hem geljekde senagatda giňden ulanyljakdygyna ynanýarlar.


düýn 17:37
1.9k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......