Raşid Meredow BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşdy

  • 20.02.2025 15:46
  • 2.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk 18-nji fewralda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde guraldy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen alyp barýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyna syn berildi.
Adam hukuklary babatynda milli meýilnamalary we maksatnamalary işläp düzmek, Türkmenistanda demokratik institutlary kämilleşdirmek we halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça bilelikdäki konsultatiw işleriň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri we ýakyn wagtda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:51
778

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
917

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......