Serdar Berdimuhamedow diplomatlary hünär baýramçylygy bilen gutlady

  • 18.02.2025 10:33
  • 2.7k+

Şu gün, 18-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Gutlag haty metbugatça çap edildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow türkmen diplomatlarynyň ussatlygyna, tejribelerine aýratyn ornuň degişlidigini, şol bir wagtda bu wezipeleriň siziň üçin uly jogapkärçilik bolup durýandygyny nygtaýar.

"Hususan-da, çylşyrymly dünýä şertlerinde döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamy, hormaty has-da artdyrmak, ýakyndan berilýän goldawlary mundan beýläk-de güýçlendirmek, dünýä giňişliginde bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak babatda tutanýerli zähmet çekmelidirler" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

"Biz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi, onuň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi, diplomatlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda tagalla edýäris. Döwletimiziň şeýle uly aladalaryna diplomatik işgärler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň halkara abraýyny yzygiderli beýgeltmek arkaly jogap bermelidirler" diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak we halkara giňişlikdäki belent abraýyny has-da artdyrmak boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine berk ynam bildirdi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......