Hytaýda dünýäniň iň çalt dört aýakly roboty döredildi: tizligi 10 m/s ýetýär

  • 17.02.2025 17:20
  • 6k+

Hytaýyň Çžeszýan uniwersitetiniň (ZJU) alymlary iň çalt dört aýakly roboty döretdiler. «Gara babyr» diýlip at berlen robotuň tizligi sekuntda 10 metre çenli ýetýär. Bu bolsa şeýle görnüşli robotlaryň arasynda täze dünýä rekordy bolup durýar diýip, «Oddity Central» habar berýär.

Bu robotyň üstünde 2018-nji ýyldan bäri işlenip gelinýär. Ol uzak wagtlap 6 m/s-den tizlikden ýokary geçip bilmändi. Sebäbi gurluşa aşa artykmaç ýük münýärdi we robota zeper ýetýärdi. Onuň mehaniki «baldyrlary» döwülýärdi ýa-da tutuş korpusy zaýalanýardy. Alymlar bu meseläni çözmek üçin haýwanlaryň we adamlaryň bogunlaryny hem-de myşsalaryny içgin öwrendiler. Netijede, robotyň aýaklaryna ýörite ýaýlar (pružinalar) ýerleşdirildi. Bu bolsa urgynyň täsirini peseldip, gurluşyň has durnukly bolmagyna ýardam berdi.
Robotyň agramy 38 kg, beýikligi bolsa 63 sm. Deňeşdirsek, iň çalt adam şekilli (gumanoid) robotyň beýikligi 1,7 metr bolup, ol bary-ýogy 3,6 m/s tizlige ýetip bilýär.
Alymlar gazanylan netijeleriň diňe ýörite gözegçilik astyndaky şertlerde mümkin bolandygyny belleýärler. Robot diňe ylgaw ýolunda ýokary tizlikde hereket edip bilýär. Gaty ýerlerde, ýagny adaty şertlerde ylgamak onuň üçin entegem uly mesele bolup galýar.
Sekuntda 10 metr tizlik «Gara babyry» ýüz metr aralyga ylgaýan iň ökde sprinterleriň derejesine golaýlaşdyrýar. Şeýle-de bolsa hytaýly alymlar mundan hem ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýärler. Olaryň indiki maksady – robotuň tizligini 15 m/s ýetirmek.


düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
7.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......