Apple 15 aýlyk arakesmeden soň X sosial torunda mahabat ýerleşdirip başlady

  • 17.02.2025 15:10
  • 1.3k+

Apple kompaniýasy iki ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek X sosial torunda mahabat ýerleşdirip başlady. Kompaniýa 2023-nji ýylyň noýabr aýynda platformadaky marketing işlerini togtadypdy diýip, «MacRumors» portaly ýazýar.

«MacRumors» portalynyň bellemegine görä, X sosial torunda Safari brauzeriniň gizlinlik aýratynlyklary barada Apple-yň esasy hasabyndan paýlaşylan mahabat peýda boldy. Şeýle-de Apple TV hasaby hem öz akym platformasynda görkezilýän meşhur serialyň mahabatyny ýerleşdirdi.
Mask 2022-nji ýylda X (öňki Twitter) sosial torunyň ýolbaşçysy boldy. Ol platformanyň moderasiýa düzgünlerini gowşadyp, iri hyzmatdaşlaryň nägileligine sebäp bolupdy. Apple hem Disney, Coca-Cola, Sony, IBM, Comcast ýaly iri amerikan kompaniýalary bilen bilelikde X-de mahabatlary togtadan kompaniýalaryň biri bolupdy. Soňra bolsa olar platformada kem-kemden ýene mahabat ýerleşdirip başladylar.


19.05.2026 09:37
4.3k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....