Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy

  • 28.10.2022 19:24
  • 13k+

Telekeçi Ilon Mask Twitter kompaniýasyna ýolbaşçy boldy, öňki ýolbaşçylyk bolsa onuň ştab-kwartirasyny terk etdi. Bu barada penşenbe güni CNBC teleýaýlymynyň habarçysy Dewid Feýber çeşmelere salgylanyp, habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

"Ilon Mask indi Twittere ýolbaşçylyk edýär. Maňa öňki baş direktor Parag Agrawalyň we maliýe müdiri Ned Sigalyň ştab-kwartirany terk edendikleri we Maskyň eýýamy başlanansoň gaýdyp gelmejekdikleri barada habar berildi" - diýlip, habarçynyň Twitterdäki habarynda aýdylýar.

"Financial Times" gazetiniň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, Mask kompaniýany satyn almak baradaky şertnamany eýýäm ýapdy.
Soňra Maskyň özi hem kompaniýany satyn alandygy baradaky habara "guş erkinlikde" jümlesi bilen teswir berdi. Muny ol Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirdi.
"Guş erkinlikde" - diýmek bilen, telekeçi şertnamanyň baglaşylmagyna reaksiýa bildirdi. Twitteriň logotipinde guş şekillendirilen. Sosial ulgamyň öz ady-da iňlis dilindäki "to tweet" (jürküldemek) işliginden gelip çykýar.


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......