ChatGPT pikir edilişinden az energiýa sarp edýär: bir jogap üçin bary-ýogy 0,3 Wt/sag

  • 17.02.2025 07:50
  • 2.2k+

ChatGPT-niň giňden ýaýramagy bilen onuň sarp edýän energiýasynyň ýokarydygy barada howsalalar peýda bolup başlady. Ýöne Epoch AI-iň gözlegi bu mifi ret etdi. Ylmy gözlegçi Joşua Ýu ChatGPT-niň (GPT-4o) bir soraga jogap bermek üçin, takmynan, 0,3 Wt/sag sarp edýändigini anyklady – bu öň çak edilen 3 Wt/sag energiýadan 10 esse azdyr diýip, Android Headlines belleýär.

Ýu öňki hasaplamalaryň könelişen maglumatlara esaslanandygyny we onuň OpenAI-iň öz modelleri üçin has köne we az netijeli çipleri ulanmagyny göz öňünde tutandygyny belleýär. Deňeşdirmek üçin, EA tarapyndan energiýanyň sarp edilişi hojalyk enjamlarynyň köpüsinden ep-esli azdyr. Mundan başga-da, kompaniýalar neýroulgamlaryň netijeliligini gowulandyrmagy dowam etdirýär. Häzirki EA çipleri has kuwwatly bolup, az energiýa talap edýär.
Bellemeli ýeri, Epoch AI-iň hasaplamalary-da çen-takmyn bolup, ol çat-botuň şekil döretmek ýaly käbir funksiýalaryny göz öňünde tutmady. Hünärmeniň aýtmagyna görä, şeýle “ýüz tutmalar” adaty soragdan has köp energiýa sarp edip biler.
Şeýle-de, tehnologiýalaryň ösmegi elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagyna getirer. Çylşyrymly modeller has köp hasaplaýyş kuwwatyny talap edýär, sebäbi geljekki EA modelleri adamzat derejesinde dürli meseleleri çözmäge gönükdirilýär.

“EA ösmegini dowam etdirer, ony okatmak bolsa has köp çeşme talap eder. Geljekde bu ulgamlar häzirkiden has çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirip, has güýçli işlär” – diýip, Joşua Ýu belledi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
969

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...