Sem Altman GPT-5 barada ilkinji maglumatlary aýtdy

  • 16.02.2025 00:48
  • 2.5k+

OpenAI kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman GPT-4.5 we GPT-5 emeli aň (EA) modelleri barada giňişleýin maglumat berdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Altman X sosial torundaky ýazgysynda OpenAI-yň önümleriniň hatarynyň çylşyrymlaşandygyny we olary ýönekeýleşdirmek üçin işleriň geçiriljekdigini aýtdy.

«Bizem edil siz ýaly, model saýlamagy ýigrenýäris we jadyly bitewi [emeli] aňa dolanmak isleýäris» diýip, Altman ýazdy.

Kompaniýa içerki atlandyrylşy «Orion» bolan GPT-4.5 modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Altmanyň aýtmagyna görä, bu model OpenAI kompaniýasynyň «iň soňky pikirlenmeýän modeli» bolar. Belläp geçsek, aslynda kompaniýa «Orion» modelini geçen ýylyň oktýabr aýynda türgenleşdirip başlapdy, soňra bolsa uly mukdardaky çykdajylar we maglumat ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

«Biziň esasy maksadymyz – "o" seriýasyndaky modelleri we GPT seriýasyndaky modelleri birleşdirip, ähli gurallarymyzy ulanmagy başarýan, haçan uzak pikirlenmelidigini, haçan pikirlenmeli däldigini bilýän hem-de dürli meseleleri çözmäge ýardam berýän ulgamlary döretmek» diýip, Altman paýlaşdy.

ChatGPT we OpenAI API arkaly kompaniýa «o3-i hem hasaba almak bilen, köp sanly tehnologiýalary birleşdirýän ulgam hökmünde GPT-5-i çykarmagy» meýilleşdirýär diýip, Altman belleýär. Şeýle-de ol «o3-üň mundan beýläk garaşsyz model hökmünde hödürlenmejekdigini» aýtdy. Ýatlatsak, kompaniýa dekabrda «o3-i» hödürläpdi, fewralda bolsa «o3-mini» hemme kime üçin mugt elýeterli bolupdy.
Şeýle-de tölegli Plus abunalary geljekde GPT-5-i «has ýokary aň derejesinde», Pro abunalary bolsa «has hem ýokary aň derejesinde» ulanyp bilerler.
Altman GPT-4.5 we GPT-5-iň haçan çykjakdygy barada anyk maglumat aýtmady, ýöne «hepdelere/aýlara» çekip biljekdigini mälim etdi.


03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......