OpenAI iň akylly emeli aň modelini – o3-i hödürledi: 88% adamyň yzyndan ýetdi

  • 24.12.2024 10:07
  • 2.1k+

12 günlük anonslar marafony bolan Shipmas Roždestwo aksiýasynyň soňky güni OpenAI kompaniýasy täze o3 we o3-mini emeli aň modellerini hödürledi.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, “pikir ýöredýän” model emeli aňyň mümkinçiliklerini adam aňy bilen deňeşdirýän testlerde ýokary netijeleri görkezdi. ARC-AGI-de ol 88% netije gazanyp, şu ýylyň sentýabr aýynda hödürlenen özünden öňki o1 modelinden üç esse öňe geçdi.
Täze önüm Britaniýanyň O2 telekommunikasion kompaniýasy bilen bulaşyklykdan (ýa-da haryt nyşanlarynyň dawalaryndan) gaçmak üçin o3 diýlip atlandyryldy.
o3 modeli kody 22,8% çalt ýazyp, matematikada AIME 2024 testiniň ähli ýumuşlaryny üstünlikli çözüp, ýokary netijeleri görkezdi.
Şeýle-de bolsa, neýroulgamyň çykaryljakdygy barada heniz gürrüň ýok. Modelleriň okadylmagy henizem dowam edýär we olaryň reliziniň takyk senesi kesgitlenmedik.
Şeýle modellere “pikir ýöredýän” diýilmegi, olaryň çylşyrymly ýumuşlary tapgyrlara bölüp, öz çözgütlerini düşündirip bilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne bu proses jogap wagtyny sähel artdyryp biler diýip, OpenAI belleýär.
Mundan başga-da, tehnologiýa uly hasaplaýyş kuwwatyny talap edýär, bu hem onuň ulanylmagyny gymmatlaşdyrýar. Şonuň üçin OpenAI modelleri işe goýbermezden öň doly işlemek üçin ylmy gözlegçilerden test üçin arzalary kabul etmegini dowam etdirýär. 


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......

01.03.2026 14:22
1.6k+

ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy...

25.02.2026 15:55
5.1k+

Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär...