Pikir ýöredýän EA o3-mini mugt ChatGPT-de elýeterli boldy

  • 06.02.2025 09:59
  • 1.1k+

OpenAI indi ChatGPT-niň mugt wersiýasynda elýeterli bolan täze dil modeli o3-mini-niň çykandygyny habar berdi. Ol öňki modellerden has tiz işleýär we “pikir ýöretmek” başarnygy bilen tapawutlanýar.

Ilkibaşda model OpenAI-iň 12 günlük premýera marafonynyň çäklerinde anons edildi.
Startapyň baş müdiri Sem Altman modeliň “birnäçe hepdeden çykjakdygyny” aýtdy we kompaniýa beren wadasynda durdy. o3-mini o1 modelinden tizligi boýunça 24% öňe geçip, matematika, programmirleme we ylmy dersler bilen baglanyşykly meselelerden gowy baş çykarýar.
Ulanyjylar ChatGPT-de çat panelinde Reason (“Delillendir”) funksiýasyny saýlap, o3-mini-ni mugt synap biler. Çäklendirmeler GPT-4o bilen deň bolar. 
ChatGPT Plus we Teams wersiýalarynyň tölegli ulanyjylary günde 150 habarnama iberip biler, ChatGPT Pro-ny ulanyjylar bolsa aýda 200 dollar baha bilen modeli çäklendirmesiz ulanyp biler.
Tölegli ulanyjylara o3-mini-high modeli-de elýeterli bolar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, ol “ChatGPT-de programma koduny ýazmak üçin iň gowy wariant bolup”, has ýokary aň derejesi bilen jogap hödürlär. Mundan başga-da, o3-mini internetde gözlemegi goldap, web-çeşmelere salgylanmalar bilen jogaplary tapmaga mümkinçilik berer.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...