OpenAI GPT-4-den 100 esse güýçli emeli aň flagmany bolan Orion-y çykarmaga taýynlanýar

  • 28.10.2024 23:08
  • 2.1k+

OpenAI kompaniýasy Orion atly täze emeli aň (AI) modelini çykarmaga taýynlanýar, deslapky maglumatlara görä ol GPT-4-den 100 esse güýçli bolar. The Verge neşiriniň habary bu maglumatlary tassyklaýan birnäçe çeşmä salgylanýar.

Ozalky relizlerden tapawutlylykda, Orion ilki diňe OpenAI bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolan kompaniýalar üçin elýeterli bolar. Bu bolsa kompaniýalara täze modeliň esasynda öz önümlerini we funksiýalaryny işläp düzmäge mümkinçilik berer.
Täze neýroulgamyň o1 modelinden aýra boljakdygyny bellemek wajypdyr, ýöne geljekde işläp düzüjiler has ýokary netijelilik üçin dil modellerini birleşdirmegi maksat edinýärler.
The Verge-iň berýän habaryna görä, OpenAI-yň möhüm hyzmatdaşy bolan Microsoft noýabr aýynda Orion-y öz Azure platformasyna birikidirip biler, esasy reliz bolsa dekabr aýyna meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, OpenAI-yň baş direktory Sem Altman X sosial ulgamynda neşiriň AI modeliniň ýakyn wagtda çykjakdygy baradaky habaryny ret edip, bu maglumatlary "gözegçilikden çykan galp habarlar" diýip atlandyrdy.


16.05.2026 23:58
3.1k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
966

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...