Aşgabatda "ÝB - Merkezi" Aziýa sammitine taýýarlyk boýunça ministrler maslahaty geçiriler

  • 15.02.2025 12:42
  • 2.6k+

4-nji martda Aşgabatda “ÝB – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlanan 20-nji ministrler duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri Interfaks agentligine salgylanyp habar berýär.

Ministrler duşuşygynda 3-4-nji aprelde Özbegistanda geçiriljek “ÝB – Merkezi Aziýa” Birinji sammitine taýýarlyk maslahatlaşylar. Samarkantda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçiriljek sammite Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Antoniu Koştanyň, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Sammit Ýewropa Bileleşigine Merkezi Aziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça geosyýasy gyzyklanmasyny görkezmek üçin möhüm mümkinçilik bolar” diýlip, ÝB-niň Daşkentdäki wekiliýetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Metbugat beýanatyna görä, sammitiň dowamynda "Ýewropa Bileleşiginiň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklajakdygy, şol sanda sebitiň özünde we ÝB bilen ulag hem-de sanly utgaşyklylygy, strategik çig mal serişdelerini, ykdysadyýeti we howpsuzlygy, arassa we netijeli energiýa çeşmelerine geçişi öz içine alýandygy" nygtalýar.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......