OpenAI bir minutlyk mahabat üçin 14 mln dollar sarp etdi. DeepSeek emeli aňynyň türgenleşdirmesi arzan bolupdy

  • 12.02.2025 21:15
  • 4.5k+

ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasy Amerikanyň milli futbol ligasynyň (NFL) iň abraýly çäresi bolan «Super Bowl» çempionlyk ýaryşynyň göni ýaýlymynda görkezilen 60 sekuntlyk mahabat üçin 14 million dollar sarp etdi diýip, The Verge neşiri ýazýar.

OpenAI kompaniýasy «Super Bowl» göni ýaýlymynda mahabat üçin wagt satyn alan ilkinji emeli aň kompaniýasy boldy. Bu ýaryşyň 2024-nji ýylda geçirilen finalyna 123 milliondan gowrak adam göni ýaýlymda tomaşa edipdi. Bu görkeziji 1969-njy ýyldaky Aýa gonuş wakasynyň 150 millionlyk tomaşaçysyndan soň ikinji orunda durýar.
Bir minutlyk mahabatda adamzadyň taryhyndaky tehnologik ösüşler görkezilýär – ody ulanmakdan we tigri döretmekden başlap, DNK-nyň yzygiderliligini kesgitlemek, kosmos gözlegleri ýaly häzirki zaman üstünliklerine çenli. Mahabatyň iň möhüm pursaty bolsa häzirki zaman emeli aň programmalarynyň, şol sanda ChatGPT-niň mümkinçilikleriniň görkezilişi boldy.
Täsin we innowasion çemeleşmesine garamazdan, OpenAI ýokary çykdajylary sebäpli tankytlanyldy. Millionlarça adam 14 million dollar bilen Hytaýyň DeepSeek emeli aň modeli ýaly iki sany emeli aň modelini türgenleşdirip boljakdygyna ynanýar.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......