Aşgabatda türkmen-awstriýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 12.02.2025 12:11
  • 1.2k+

11-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Russiýa, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa, Arktika boýunça departamentiniň direktory Gerhard Saýller ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar we onuň geljegi uly hasaplanylýan ugurlaryny kesgitlediler.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-awstriýa dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bilen ylalaşdylar.
Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......