Microsoft Edge brauzerinde galp programmalardan goraýan AI-gorag peýda boldy

  • 11.02.2025 23:24
  • 1.2k+

Microsoft "Edge" brauzeri üçin täze Scareware blocker guralyny hödürledi. Ol ulanyjylary galp programmalardan goramak üçin döredildi.

Tehnologiýa ulanyjylary wiruslara garşy göreş ady bilen zyýanly programma üpjünçiligini göçürip almaga çagyrýan gorkuly-programmalar diýlip atlandyrylýan programmalary kesgitlemek üçin, ekranda bolup geçýän zatlara sözüň doly manysynda gözegçilik edýär.

"Scareware blocker ýerli kompýuterde işleýän maşyn öwreniş modelini ulanýar. Bu model jemgyýetiň biziň bilen paýlaşan doly ekranly galplyk sahypalaryndan ybarat müňlerçe mysallaryny deňeşdirmek üçin kompýuter görşüni ulanýar" – diýip, Microsoft habar berdi. Tehnologiýa, şekilleri buluda geçirmezden, ýerli derejede işleýär.

Galplyk ýüze çykarylanda, brauzer awtomatiki usulda doly ekran režiminden çykýar, wideony görkezmegi ýa-da sesi çykarmagy bes edýär hem-de ulanyja duýduryş berýär. Ondan soň ol brauzeri ulanmagy dowam etdirip we sahypany Scareware blocker maglumat bazasyna goşup biler.
Täze gural Edge-niň iň soňky durnukly wersiýasynda bar, ýöne adaty ýagdaýda ýapylgy. Ony işletmek üçin programma sazlamalarynda degişli opsiýany el bilen işjeňleşdirmeli.


düýn 15:09
3.3k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.4k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......