Älemdäki «iň uly jisim» tapyldy: ululygy 1,3 mlrd ýagtylyk ýylyna deň

  • 09.02.2025 21:27
  • 9.9k+

Alymlar älemdäki «iň uly düzüm» hasaplanýan gurluşy ýüze çykardylar. Bu gurluşa «Kipu» diýlip at berildi. Onuň ululygy 400 megaparsege (1,3 milliard ýagtylyk ýylyna), massasy bolsa 200 kwadrillion Gün massasyna deňdir diýip, Astronomy and Astrophysics žurnalynda çap edildi.

Bu gurluşyň näderejede ägirtdigini göz öňüne getirmek gaty kyn. Alymlar şeýle uly gurluşlara «supergurluş» (superstructure) diýip at berýärler.
Supergurluşlar - galaktika toplumlaryny we supertoplumlary öz içine alýan ägirt uly kosmiki gurluşlardyr. Häzirki wagta çenli tapylan 5 sany supergurluş bar we olar älemdäki galaktika toplumlarynyň 45%-ini, galaktikalaryň bolsa 30%-ini öz içine alýar.
Alymlar bu gurluşlaryň ebedi saklanyp galmaýandygyny aýdýarlar. Kosmiki ösüşiň belli bir tapgyrynda olar böleklere bölünip, kiçi gurluşlara dargap gidýärler.
Kipu bilen baglanyşykly maglumatlar galaktikalaryň ösüşini öwrenmäge, modelleri gowulandyrmaga we has takyk hasaplamalary geçirmäge ýardam berer diýip, alymlar belleýärler.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....