DeepSeek gündelik 20 million aktiw ulanyjy sanyna ýetdi

  • 09.02.2025 19:42
  • 4.2k+

Hytaýly startap DeepSeek tehnologiýa dünýäsini haýran galdyrmagy dowam edýär. Startapyň emeli aň (EA) modeli işe girizilenden bary-ýogy 20 günden soň 20 million aktiw ulanyjyny özüne çekdi diýip, TrendForce habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, DeepSeek dünýäniň iň meşhur emeli aň programmalarynyň arasynda ChatGPT-den soň ikinji orunda durýar. Üçünji orunda bolsa TikTok wideoplatformasynyň eýesi ByteDance-yň Doubao atly emeli aň ulgamy ýerleşýär.
Şu ýylyň 11-nji ýanwarynda işe girizilen DeepSeek, 31-nji ýanwara çenli gündelik 22,15 million aktiw ulanyjyny özüne çekdi. Bu görkeziji 53,23 million gündelik ulanyjysy bolan ChatGPT-niň ulanyjylarynyň 41,6%-ine deňdir. Mundan öň Hytaý bazarynyň lideri 17 million gündelik ulanyjysy bilen Doubao bolupdy, emma DeepSeek ony yzda galdyrmagy başardy.
DeepSeek-iň üstünlikleri Apple App Store reýtinglerinde hem görnüp dur. Programma ABŞ-ny hem hasaba almak bilen jemi 157 ýurtda birinji orna çykdy. Şeýle-de SimilarWeb-iň maglumatlaryna görä, DeepSeek-iň diňe web sahypasy bary-ýogy bir hepdäniň dowamynda Google Gemini-niň ulanyjy sanyny geçdi. Ýanwar aýynyň 31-ine görä, ABŞ-dan DeepSeek-iň web sahypasyna giren ulanyjylaryň sany 2,4 milliona, Gemini-niňki bolsa 1,5 milliona ýetdi.


27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 10:21
4.6k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....