Hereket ýagtylygy we energiýany döredýär: öz-özüne zarýad berýän sensor döredildi

  • 08.02.2025 22:17
  • 2.8k+

Halkara alymlar topary hereketi we basyşy bir wagtyň özünde elektrik energiýasyna we ýagtylyga öwürýän sensory işläp taýýarlady. Gurluş batareýasyz, awtonom işläp bilýär we halas ediş operasiýalarynda, sportda, dakylýan elektronikada täze mümkinçilikleri açýar.

Sensor iki tehnologiýany birleşdirýär: triboelektrik nanogeneratorlar (TENG) we mehanolýuminessensiýa (ML). Alymlar silikon materialyna mis bilen ýagtylyk saçýan sink sulfidiniň bölejiklerini goşup, ýokary netijeliligi gazanmak üçin kümüş nano-simleriniň esasynda gurluş döretdiler.  
Prototip 5000-den gowrak basyşa çydamly bolup, 60 wolta çenli naprýaženiýany we 395 nanoamper togy öndürdi. Sensoryň hatda suwuň astynda we garaňkylykda hem durnukly işleýändigini bellemek gerek. Bu halasgärler we çuňňur suwlarda işler geçirilende has peýdaly bolar.
Täze tehnologiýa dürli pudaklarda ulanylyp bilner. Mysal üçin, ol urgy güýjüni ölçemek üçin şlemlere, hereketi yzarlamak üçin gorag bileziklerine ýa-da suw astynda SOS signalyny ibermek üçin enjamlara gurnalyp bilner. Batareýalaryň ýoklugy ony ekologiýa taýdan arassa edýär.


09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

17.04.2026 16:15
4.2k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......

17.02.2026 21:50
5.2k+

Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa ylmy konsultatiw geňeşi (ESABCC) Ýewropanyň ýurtlaryny global ýylylyga taýýarlanmaga çagyrdy. ESABCC täze hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agza ýurtlarynyň temperaturanyň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça görýän çärelerini «ýeterlik däl we köp ýagdaýlarda gijä galan» diýip atlandyrýar...

26.01.2026 08:45
1.4k+

Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

Epic Games we Google kompaniýalary Unreal Engine oýun hereketlendirijisini (dwižogyny) hem-de hyzmatlaryny bermek barada 800 million dollarlyk ylalaşyga geldiler. Bu barada San-Fransiskonyň okrug kazyýetinde mälim boldy, diýip The Verge neşiri habar berýär...