Geçirilen barlaglar Ýerde süýji suwuň alada goýýan tizlik bilen azalyp barýandygyny görkezýär

  • 02.08.2025 00:21
  • 9.3k+

Science Advances žurnalynda çap edilen global barlagyň netijesine görä, Ýeriň yklymlarynda süýji suw çalt depginde tükelip barýar.

Arizona ştatynyň uniwersitetiniň (ASU) alymlary 2002-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli GRACE we GRACE-FO hemralaryndan alnan maglumatlary seljerip, meseläniň iň ýiti bolan dört yklym sebitinde aşa gurakçylygyň höküm sürýändigini  kesgitlediler:

  1. Demirgazyk Amerikanyň günorta-günbatary we Merkezi Amerika: ABŞ-nyň günorta-günbataryndaky möhüm oba hojalyk sebitlerini, Feniks, Tuson we Las-Wegas ýaly boşap barýan şäherlerini hem-de Los-Anželes we Mehiko ýaly iri şäherleri öz içine alýar;
  2. Alýaska we Kanadanyň demirgazygy: Alýaskadaky we Britaniýanyň Kolumbiýasyndaky dag buzluklarynyň eremegi, Kanadanyň ýokarky giňişliklerinde garlaryň we hemişelik doňaklyklaryň eremegi, Britaniýanyň Kolumbiýasy we Saskaçewan ýaly möhüm oba hojalyk sebitleriniň guraklaşmagy;
  3. Russiýanyň demirgazygy: ýokarky giňişliklerde garyň we hemişelik doňaklyklaryň ep-esli böleginiň erändigi görünýär;
  4. Ýakyn Gündogar - Demirgazyk Afrika we Panewraziýa: Dubaý, Kasablanka, Kair, Bagdat we Tähran ýaly iri çöl şäherlerini öz içine alýar; möhüm oba hojalyk sebitleri, şol sanda Ukraina, Hindistanyň demirgazyk-günbatary we Demirgazyk-Hytaý düzlügi; kiçelip barýan Hazar we Aral deňizleri; şeýle hem Barselona, Pariž, Berlin, Dakka we Pekin ýaly iri şäherler.

Howanyň üýtgemegi, ýerasty suwlaryň aşa köp ulanylmagy we aşa guraklyk gurakçylygyň ýokarlanmagynyň sebäbi hökmünde görkezildi. Barlagçylar süýji suwuny ýitiren ýerleriň her ýyl iki Kaliforniýanyň meýdanyna barabar derejede artýandygyny bellediler.
Awtorlar dünýäniň ilatynyň 75% -iniň 2002-nji ýyldan bäri süýji suw gorlarynyň azalýan 101 ýurdunda ýaşaýandygyny aýdýarlar. Suw ýitgisiniň 68% -i ýerasty suwlara degişli, olaryň deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna goşýan goşandy Grenlandiýadaky we Antarktidadaky ereýän buzluklardan has uly bolup çykdy.

Gözlegleriň esasy ýazyjysy Hrişikeş A. Çandanpurkar: "Dikeldip bolmaýan suwuň, gör, näçe mukdarynyň ýitirilýändigi bizi haýran galdyrýar. Buzluklar we çuň ýerasty suwlar gadymdan gelýän ätiýaçlyklar ahyry. Olary diňe zerur bolnan halatynda, mysal üçin, dowamly guraklyk döwründe ulanmagyň deregine, biz ony bolaýmaly zat ýaly kabul edýäris. Üstesine, ygally ýyllarda ýerasty suwlaryň üstüni  doljagam bolamzok.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

17.04.2026 16:15
4.2k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......