Hytaýly aşpez iň inçe unaşy kesip, dünýä rekordyny täzeledi: saçyň taryndan hem inçe

  • 08.02.2025 11:52
  • 12k+

Hytaýly baş aşpez täze dünýä rekordyny goýdy, ol eli bilen iň inçe unaşy kesdi diýip, UPI habar berýär.

Milandaky teleýaýlym şounyň düşüriliş meýdançasynda hytaýly aşpez Li Enhaý tomaşaçylary we emin agzalaryny haýrana galdyrdy. Ol unaş taýýarlamakdaky ussatlygyny görkezip, bary-ýogy 0,18 millimetr inçelikdäki unaşy taýýarlady. Bu bolsa täze dünýä rekordy boldy.
Mundan ozal hem, el bilen iň inçe unaşy taýýarlamak boýunça rekordyň eýesi Enhaýyň özidi, emma soňlugy bilen bu rekord başga bir aşpez tarapyndan döwlüpdi. Indi bolsa hytaýly ussat öz rekordyny gaýtadan yzyna aldy we emin agzalaryny öz ajaýyp başarnygy bilen haýrana galdyrdy.
Bu üstünlik däp bolan unaş taýýarlamak sungatyny öňe çykaryp, ýokary aşpezligiň başarnygyny görkezýär.


şu gün 00:07
899

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....